Çydamyň çägi
Pakyr ýa baý, dymýan adam,
goý, diýsinler näme daşdan,
ýa aýdara hiç zady ýok,
ýalňyşdyrar seni, belki,
razy däl susýan mydam,
synanyşyp uzak ilki,
içindäki ýüke çydap,
ýagyr eden dogulmanka,
basyp alan beýik diňe,
dünýe pany ejiz bolsaň,
ýaragyň ýok, gaýratyň ýok,
a atyňy aldy algyr,
berim bilen göge çykan,
hem ynanýan bakylyga,
dymýan adam näçe çydar,
içden gelýän gykylyga?