Içki ahwalat

Geplemersiň diýýär millet,
daşyndan däl, içinden kän,
bir-birine, ýakyn-ýatlar,
ýaşamarsyň diýýär açyk,
ýylgyrsa-da ýüzi-gözi,
içindäki türmä gaçyp,
gurulan öň, ata-baba,
ýesir bolup diri, ölen,
ýaýnamarsyň iş açynyp,
gazanç edip, adam ýaly,
bizem berýäs ýokardaka,
ber baryny, hem ýok puluň!

Açylmarsyň diýýär güle,
günebakar bolsun hatda,
öwrülmersiň diýýär güne,
maňa tarap egilmeseň,
hem soňy ýok egilmegiň,
saklanmarsyň diýýär millet,
düýbün tutup döwülmegiň,
ýok bolmagyň uzak galman,
ýa çalajan ýaşamagyň,
bite, bürä taýak salman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024