Hakykat we hudaýuran
Hakykat her kimiň gapysyn kakar,
goý, ýaş bolsun entek biraz birisi,
beýlekisi ýaş bolmasyn, açmasyn
gapysyny, jyklap görüp geleni,
o birleri emel etsin, işi bar,
ýa ogluny, gyzyn okatjak uly,
gowy işde işlär ýaly geljekde,
o biriniň aýdymçymyş gelini,
o birini ogly hasaba ökde,
mugallym däl, belki, diplomat bolar,
goý, gapysyn açsa asyn başgalar,
saçak ýazsyn her myhmanyň öňüne,
biz özümiz ekläp bilsek ýeterlik,
üstesine çynçy bolmak hatarly,
hasaby kän adamlaryň, durmuşyň
hasaby bar, belki, özüne ýetik,
çylşyrymly, sada, ýöne jemagat,
bilip, bilmän öňde döredýär petik,
hakykat gapysyn kakar milletiň,
kakyp gitmez açman durany bilen,
goý, açmasyn göwni ýeten özüne,
dursun başda hudaý urany bilen.