Allanyň işi

Bir gün gelip soradylar her günde
näçe sagadyňy ýitirýäň, bende?
Ol diýdi: 24 diýsem ýalançy,
48 ýa 72 azyndan,
diňe geçen güni ýitirip oňman,
indiki geljejem öňünden zyňýan,
dostlarym bar özüm ýaly, az bolsa,
ýalan-ýaşryk habary kän dünýäniň,
aýdymy kän, kinosy kän, oýny kän,
näçe ýuwan bolsa, şonça-da gowy,
näçe ýeňil bolsa, ýürege, kellä
agramy bolmasa ýalandan, çyndan,
biruçdan diňleýän gözüm açylsa,
ýogsa düşünýärin, talaýan özüm,
ýöne ata-baba däp bolan, belki,
ýyllary däl, asyrlary ýitirmek,
käte, dogry, näletlemek duşmany,
a soň ömrüň alla diýip ötürmek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024