Utançly ýagdaý
Ýat ilde-de seni ýatlar ýanamaz,
belki, öz işleri, ýagysy ýetik,
ýakynlaryň ýanar, ilki tiredeş,
soň nirede el uzadan, goldanyň,
uly bolsa, ulyň ýerinde goýup,
sylanlaryň salar arkaňdan taýak,
kiçi bolsa, ilki eliňi berip,
bileniň aýdanyň sereder gyýa,
duşman edinersiň keýpine, arzan,
dost edinjek bolup, adam tanaman,
öz göwnüňe osup, açyk kitap dek,
ýüregiňi açyp ýüreksiz gendä,
ýa gowulyk gaty kemsider çendan,
olar senden arly bolar hemişe,
öwrülmeseň basyp, geçilýän daşa,
ýagyş ýagan güni, läbikli ýolda,
ýat ilde ýat mydam entetmez aldap,
ýakyn urar gitse, yzyna gaýdyp,
a soňundan oýnar pidany aglap,
eşitseň, hiç kime bilmersiň aýdyp.