Kyssa namartlygy

Seniň özüň ýa ýakynyň,
başga birniň kyssasynda,
erbet bolup biler örän,
erbet bolup biler tiräň,
teke, ýomut, ärsary, kim,
otdan geçen, suwdan dörän,
ýa milletiň, agzy ala,
ýa-da jynsyň, yzagalak,
ata çykyp, çapan, talan,
ýa öň ösüp, soň basylan,
gysylan dar derelere,
başga birniň kyssasynda
namart bolup biler örän,
bolup biler açgöz, bahyl,
daşy jäjek, içden çüýrän;
bilýärsiň sen, düşünýärsiň,
kyssa ýazýan seniň ýaly,
onuň ýaly adam mydam,
derdi agyr, dermany ýok,
kisesine gaçyp erän,
ony kyhlap, muny kyhlap,
gowy bolar ýerden ýörän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024