Gowy ýaşaýyş
Bezemen, toý-şowhun, şatlyk-şagalaň,
göýä soňy gelmez dabara çümen,
millet barýar belent tutup başyny,
emma TW başga, has başga durmuş,
aglaba, köp ýer sermeýän ölýänçä,
ogurladyp agzyndaky aşyny,
saçagynda nanyn, ýylgyran bolup,
haýyn bolýar bilmän çytan gaşyny.