Oba hakykaty

Ol obada, bu obada,
tanalmaýan hiç adam ýok,
ogruja kim, egrije kim,
dogruja kim oňa görä,
muňa görä ynsaply ýa,
ýa hudaýdan gorkan bolýan,
emma içi gara kömür,
ýa ýer ýaly adamlar kim,
toý tutarlar, ýas tutarlar,
ertir ýene öňki ýaly,
uly dünýä salyp aly,
her kim bolar işi bilen,
hem uzak gün çekeleşer,
gije gören düýşi bilen.

Ol obada, bu obada,
sada ýaly bolsalar-da,
hemmejesi bilýär, ömür
nädip geçsin ýa geçmesin,
hiç kim hiç zat etjek bolmaz,
ýagyş ýagsa, geçmek görgi,
gel şu ýoly bejereli,
diýseň, walla, akyllydyr,
edenlidir, biri gelmez,
hyýalynda şäher gurup,
ýaşar oba ölmez-gülmez.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024