Watan çekişmesi
Jedel gidýär, gyzgyn jedel, efirde,
watan hakda, ýesir alan, öldüren,
ýöne ozal akyl-huşdan daş edip,
gülkä däl-de, aglamala güldüren.
Biri diýýär watan onuň o taýy,
beýlekisi diýýär bu taýy munuň,
üçünjisi garşy çykýar kes-kelläm,
diýýär watan günde ýeralma satýan,
garry mama, güni geçmän köçede,
eýlekiler gülüp, diýýärler galat,
garry mama kast etmeýär oň ýaly,
ýa-da beýle aňkap duran ysy ýok,
sözünde jana ýok, işinde aly,
boýun alaý, onuň o taýy watan,
munuň üçin ýüzlerçe ýyl jan çekdi
yhlas etdi her bir imanyn satan,
bolmaz ýaly bäri-bärde başgaça,
bu hakykat, inkär edip bolmajak,
görýäň ahyr, çydar ýaly bolmady,
datly ömür boldy zäher dek ajy,
o taýyny pikir edip biriniň,
belki, munda abat adam galmadyk,
alajy ýok, doglan ölmejek bolýar,
aman sorap, ak baýdagyn galgadyp...