Düşünikli düşüniksizlik
Mesele hiç haçan, belki,
jübileriň boşlugy däl,
aýtmyşlaýyn öňem biri,
kelle bilen ýürek egsik,
boş bolmasyn ýaşajaga,
nirä barsa, aç bolar ol,
gözi, göwni doýmaz alsa,
ýa pes bolar çyksa daga,
beýik boljak bolup ilden,
çemi gelse, talar, gaçar,
has aşaga urup bilden;
mesele hiç haçan, belki,
azlygy däl aýlyklaryň,
ýa-da ony eýdip-beýdip,
elden alýan emeldarlar,
çagasy aç, özi mätäç,
açyk bolsa halkyň eli,
bar mesele çydaýanda,
lal bolýanda barka dili.