Hökümet düşündirişi
Hökümet ullakan iş etdi, dogry,
görkezip millete - çykalgasy ýok,
göreşmese, dik durmasa öz-özi,
aýagyna galyp, ar-namys üçin,
mertebesi üçin, bolýa-laý diýmän,
ýa bolmaz-a diýip beýle nadanlyk,
ynanmadyk bolup, öz-özün güýmäp,
ýa-da uzak, ýakyn ýurtlara gaçyp,
arasynda gelip-giderin, besidr
diýenlere düşündirdi gowy ol,
gitseň gelmäň, gelseň gitmäň hal bolar,
ýa bolmasa baryň-ýoguň berersiň,
bar görjegiň hile bilen al bolar,
ugran ugruň türme bolar, girersiň,
pelle-pelle aşak düşseň aýby ýok,
dogup-dogman ýaşaýyşdan irersiň,
öýüňe algy däl, bergiňi daşap,
soňy gelmez munuň, düşündi hemme,
baş üstüne, bolýan bolsa, müň ýaşa!