Gahar we ýeňiş

Gahar seniň bir bölegiň,
öýke seniň synaň, belki,
diýseler-de gazap erbet,
kine erbet, saklamagyn,
galar olar sende uzak,
diri bolsaň, suw ugruna
akyp gitmän ot-çöp ýaly,
ýüzseň garşy tolkunlara,
sygdyrmajak hiç bir saly,
ýüzüň kessir urýan ýele,
ýykylmasaň bolýan däli,
gahar etmän bilmersiň sen,
hem ýeňmeseň gaharyňy,
ýeňilene gülmersiň sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022