Gowy adam

Gowy adam, watanyny, il-günün
gowy görýän ýüreginden, ýalan däl,
üstesine ýuwaş, sada, sabyrly,
basgylasaň köşgi-eýwan gurunyp,
hakyn iýseň, heýkel dikip ataňa,
hakyn iýseň, heýkel dikip özüňe,
soň itiňe dikseň ullakan heýkel,
soň atyňa dikseň ullakan heýkel,
a soň ölüp, ýatsaň altyn gabyrly,
pikir etme gowy bolar hemişe,
çykman seniň çen-çakyňdan, galdyrap
maňlaýyna sylyp berlenje puly,
gowy adam, hem özüni sylaýan,
bolup galmaz baky gorkynyň guly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024