Oňaýsyz sorag

Haýsy gowy bombalaryň,
ýokardan ýa uzak ýerden,
ugrukdyryp, ugrukdyrman,
başga ýurda atylýan kän,
çöl-meýdan däl, aýal-erkek,
garry, juwan, çagalar bar,
güneş çyksa, oýnajaklar,
haýsy gowy bombalaryň,
sylap, saýlap goýmajaklar,
öý-öwzarsyz goýup ili,
ýykyp-ýumrup, ýoda-ýoly,
geçitleri, soňky, belki,
içitleri zäherleýän,
ýurdun goran gerçekleri
el-aýaksyz maýyp edýän,
öldürmese, ýok etmese, elbetde,
ugrukdyryp, ugrukdyrman atylýan,
haýsy gowy seniň özüňe, ketde?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022