Sylagly ýykgynçylyk
Ol oňa orden dakdy,
bu muňa orden dakdy,
paýlaşdylar medal kökün,
biri-birin sylaglap,
goltuklary garpyzly,
uzap gitdi erinler,
ýygnanmady yzyna,
ol ony taryp etdi,
bu muny taryp etdi,
söz aýtjak dek gyzyna,
söz tapdylar owadan,
gep tapdylar gelşikli,
el el bilen birleşip,
ýuwarmyşyn bir-birin,
soňra ýüzi, gap-gara,
gapak ýaly döşlerin
urup etdiler ýara,
budaý ekýän medalsyz,
pagtaçylar, maldarlar,
gaz çykarýan, nebitçi,
gurluşykçy medalsyz,
ýa-da diňe göz üçin,
iki-ýeke sylanýar,
hem hemmesi talanýar.
Ol oňa orden dakdy,
bu muňa orden dakdy,
paýlaşdylar at, dereje,
ol ülkede, bu ilde,
sorag – halky kim ýykdy?