Terror tanky

Halas bolmak oýun iş däl, bolmaz hiç,
döwlet maşynynyň üstüne münüp,
rolunyň başynda ýa gapdalda,
ýa-da yzda boş oturyp, hamala,
myhman ýaly, gitjek basym ýadatman,
ýa ýuwuşup ol maşyny günaşa,
gerek bolsa ýag, nurbatyn täzeläp,
ylgap gidip, ylgap gelip hemişe,
halas bolmak, aman galmak oýun däl,
başgalar öňünden gaçýarka günde,
oýun iş däl, her pikir et, özüňi,
özgeleri akla, näme etsinler,
näme gelýär pukaranyň elinden,
ýa ýazyjy-şahyr, sazanda, bagşy,
güzeran aýlasa ýamana ýagşy,
ýa iň pese beýik diýip ýaşasa,
ýagny gaçsa basyp gelýän maşyndan,
sesini çykarman, çekse, daşasa,
öýüne çen, jaýyna çen iň soňky,
sebäbi hak salanmyşyn bu derdi,
herhal, seret, gaçyp-tezmek oýun däl,
bir-biregi halas etmän hiç şerden...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024