Il diýilýän dana
Heýem ogra ogry diýip bolarmy,
wezipesi uly bolsa, bet bolsa,
ýa gol ýapyp, goldap bolarmy çyny,
il-ulusyň çyn söz bilen jet bolsa?
Dogry sözliň dosty ýokdy ozalam,
ýöne indi duşmany kän öňküden,
polisiýa, garalawçy, aklawçy,
kazy-kelan, tussaghana sakçysy,
ýagyň bolar çopana çen dag-düzde,
goýun bakan, geçi bakan, sergezdan,
gije ýatsa, öýe gidýän düýşünde,
üstesine topy, tanky täzeje,
dikuçarly atyp aljak gaçany,
kim sylajak watan syryn açany?
Zyýany ýok, ölsem bilerler diýme,
iki-ýeke bileni-de unudar,
gumy solman täp-täzeje mazaryň,
ýalan bolsa din-imany köplügiň,
dogry sözläp, ýetirme hiç azaryň,
myhman gelse, gül goýmaga äkidýän
guburyna Ýüzük hanyň, ilini
talamakda ýakasyny tanadan,
heýem egrä egri diýip bolarmy,
ätläp geçip il diýilýän danadan?