Haýynyň goşgusy
Sen dönük watana, iliňe, halka,
hemem biri gaçanlaryň iň ilki,
kaýyl bol, sowurma başyňdan saman,
eger boýun alsaň, ýeňil bor, belki?!.
TW ýa-da Hudaýberdi, galamdaş,
"Adalatyň” baş başlygy, kursdaşyň
ýalan sözlän däldir, aýdandyr haky,
haýyn bolar goşulmadyk talaňa,
ýalňyş çykyp ähli çen bilen çaky,
gol ýapmadyk ýalanyna döwletiň,
diplomlar, dereje, atdyr wezipe,
hemmejesi satlyk bolan mahaly,
gapyllykda hiç sebitden galmadyk,
ýüzügara etmek bormy Ahaly,
aýdan bolup hakykaty, eý, aman,
ile garşy çykmak gaýdanda yza,
ýa-da ýalňyş ýola bildirmek güman,
boýun al, sen haýyn, millet imanyn,
ynsabyny ogurlanda bukulyp,
çaga ýaly, gizlenpeçek oýnaýan,
gözün ýumup, özi görmese kimse,
görüp bilmez diýip ynanýan, aýan,
boýnuňa al, halk özüni satanda,
ýa satanda çagasynyň geljegin,
näme üçin geldiň onuň ýüzüne,
gorpa itmän bile eginme-egin,
tabydyny göteren dek gerdene,
sen dönük watana, ile, olaryň
şek ýetirdiň ýurt ýumuran merdine.