Iň agyr nala

Bir-iki däl garyp bolan,
ýetim bolan, ýurt çapylyp,
bir asyr däl, dünýe döräp,
pakyr galan soňuna çen,
ýesir galan soňuna çen,
örän köplük, hiç azlyk däl,
bilýär muny ýerden ýörän.

Arman, urup aglaýanlar,
azam bolsa, köplük ýaly,
wah, men garyp diýip aglap,
wah, men ýetim diýip aglap,
ýa-da tapyp başga çäre,
üzeňňiden üç ýüz geçip,
barar ýaly ýere baran,
näçe bolsun, az bor maly,
soňuna çen malyň guly,
iň erbedi öňde häli,
alan alar ýalysyny,
özünden has ady uly,
maly gitse elden bir gün,
guma gaçsa ýagşy ady,
iň pakyrdan eli ýuka,
iň ýetimden ýetim bolar,
günbe-günden beter dady,
“hä” berseň, ýykar perýady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024