Abyr-zabyr

Abyr-zabyr, abyr-zabyr,
abyr-zabyr, abyr-zabyr,
o birisi etdi gowur,
bu birisi etdi gowur,
hemmesi ak, beýlekisi
bolubilse gara-goňur,
iň esasy, baş ýörelge
saga sowur, sola sowur,
samanmy, gum, alla bilsin,
hemem hudaý bersin sabyr.

Abyr-zabyr, abyr-zabyr,
o birisi atyn çapdy,
bu birisi itin çapdy,
beýlekisi halasgär täk,
eýlekisi ýoly ýapdy,
gelmersiňiz, gelmersiňiz,
hudaý maňa berdi ýurdy,
ogul-gyzym döwlet tapdy,
siz bir topar ýeňiýoluk,
abyr-zabyr, abyr-zabyr,
bu birine azgyryldy,
kemçiligi barmyş işde,
o birine duýduryldy,
soňky gezek, hemem giç däl,
ugrum tapsaň – gutularsyň,
ýok, bolmasa, tutularsyň,
o taýda-da taýýar gabyr,
bu taýda-da taýýar gabyr.

Abyr-zabyr, zabyr-abyr,
agdar-düňder boldy sabyr,
kanagaty jaýladylar,
wah, diridi, entek nebir,
iýip-içip gezjek wagty,
ýatjak wagty göçüp, guçup,
näme boldy, geçirimli,
goja dünýä kime güldi,
kime gaşyn çytdy gaty,
sylag-hormat, edep öldi,
tutulmady aýy, emma
derisin kän paýladylar,
iň öň gelen iň köp aldy,
abyr-zabyr, abyr-zabyr,
taňryň özi bersin sabyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024