Beýik aralyk

Köçede maşyn kän, sürüji-de kän,
dyzmajy bar, bar howlukmaç, gaharjaň,
öňüň kesip kesilmesiz ýagdaýda,
düzgün-tertip bir görmäge gerek zat,
hem gerek däl hemmelere hemişe,
käbirisi ýuwaş sürýär çen-çakdan,
pikir edýäň: ýolam durmuş mysaly,
hemem howa bagly, ýurduna bagly,
taryhyna bagly, nireden nirä
gelipdir ýa galypdyrlar adamlar,
ýol berýän bar, geç, git diýip ýoluňa,
diýmek, senem ýol bermeli, gyssanmaç,
howlugýana gahar etmän, gynanman,
esasy aralyk, iň beýik hudaý,
gorap bilse gorar seni bigüman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024