Ýapyk gapy

Seniň açar bergiň ýokdur,
öz gapysyn ýapan hemem
gulp urana içden goçak,
soň açaryn penjireden
gözün ýumup, zyňan derýa,
her kim özi öz ykbalyn
saýlaýar hem karar berýär,
aýtsyn açyk, aýtmasyn, bek,
gelen geler bilmän, belki,
emma biler gaýtmasyn, bek,
saklap bolmaz aglap, gülüp,
galaý diýip, gitjek bolsa,
öz ýoluňy görseň, ýeter,
hemme ýolda ýitjek bolsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024