Ýamandag hekaýasy
Ne Ýamandag gorar seni,
ne-da ýagmyr ýagýan dere,
oty dyzdan egne ýeten,
gyşy, ýazy jennet watan,
gaç sen aşak, gizlen pugta,
ýumrujagyň pugta düw-de,
haýbatjyk at dünýe-pana,
sygyp bilmän köşk-eýwana,
azat bolsa diňe öten,
ölen dynsa senden diňe,
kim diýse-de näçe jana,
gutulmarsyň gazabyňdan,
senden öňem kändi oýnan
bolan bolup dana-sana,
ýöne geçen ýana-ýana...