Durmuş sapagy
Adam öldürene, oglanjyk heniz,
rugsat berilýär ejesi bilen,
wagtal-wagtal gürleşmäge jaň edip,
obada, uzakda ýaşaýar pahyr,
emma ogly hiç görmedik, bilmedik,
tanamadyk adamyny öldürdi,
tigir sürüp barýan, eli ýaragsyz,
ýarag alyp gelip ýurduna onuň,
sebäbi ýokardan berildi buýruk,
ýok etmeli, kim bolannyň parhy ýok,
gulçulyga garşy çykany urup,
adam öldürene, oglanjyk heniz,
durmuş sapak berýär, ýüzüne durup.