Azajyk çyn

Sen adamdan hakykata garaşma,
garaşma azajyk çyn söze hatda,
eger ol öz-özün aldaýan bolsa,
öz-özüne görmedigin rowa,
saňa nirden görüp biler pukara,
sen adamdan bolma hantama, haçan
berer diýip ýok zadyny özünde,
hem şükür ýigrenmese aç-açan,
seni görüp diňe niýet-pälinden,
gorkusyndan, gümanyndan içinde
aýbogdaşyn gurup oturan uzak,
hem adamdan garaşma sen ýalana,
müňkürlikden gurup özüňe duzak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024