Uly şahyr

Şahyr bolsaň, şa-soltany, hany öw,
zalym bolsa, ganhor bolsa döwletiň,
bagtyýatan milletiňe seretme,
aýagasty bolup galmajak bolsaň,
hakykaty, çyny aýdyjy bolma,
türmede, açlykda solmajak bolsaň,
öwünip ýaz arasynda, beýik men,
çenden-çakdan uly, näme etseňiz,
ýa näme diýseňiz, azaryma däl,
ýöne ýaşyr öwnüp ýazan goşgyňy,
öleňden soň tapyp, okarlar hökman,
hem diýerler, walla, uly şahyrdy,
näme etsin göýdük boşluga bökmän?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024