Ýeňeniň ýagdaýy

Ýene Ýeňiş güni bellendi, geçdi,
ýene-de magtandy ýeňen hökümet,
tankyny, topuny güjeňläp dünýä,
adam düşäp, hasrat düşäp ýoluna,
aman galanlary ýer-ýesir edip,
ýeňilenden beter edip, entedip,
şol bir bolşy, 77 ýyl bäri
edermen oýnuny oýnaýar irmän,
sebäbi soramak hatarly örän,
neden ýeňilenler gowy ýaşaýar,
bir-iki däl, on esse däl, ýüz esse,
çörek puly gaýgy ýeňeniň döräp,
basyp alnan ýaly, milletiň üsti
döşe urýan ýalançydan depeşek,
ýeňileniň ýurdy dikeldi, ösdi,
ýeňeniň mirasy ýetdirse pişek...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024