Ýahta habaryny okanyň kinaýasy
Ýahtasyna degmäň ahyr oglanyň,
degmäň ahyr willasyna owadan,
bir, iki däl, on bäş bolanda näme,
gara başyn etegine salypdyr,
garyplykdan çykmak üçin kösenip,
azap edip gazanypdyr, alypdyr,
bahyllyk gowy däl, başga biriniň
puluny däl, öz puluňyz sanaň-a,
alla, hudaý, taňry hemem ýaradan
hemmesjesi üýşüp berse han aga,
ýa-da onuň ýanyndaky ýapjalar
alla üçin has ynamdar görünse,
a bermese garyplara çaý pulun,
ýahtalylar günäkär däl, bilýäňiz,
gaýrat ediň ýene biraz, pakyrlar,
uruşsuzam, az galypdyr, ölýäňiz.