Ýakyn ýatlar
Men olaryň gözlerinde
ildeşimi görerdim öň,
dildeşimi görerdim öň,
dindeşimi görerdim öň,
hatda dildeş bolmasa-da,
bolmasa-da dindeş, ýene,
kesekini görmezdim men,
görmezdim men ýady asla,
elim, göwnüm, gapy ýaly,
kakylmanka açyk durdy,
emma birden hudaý urdy,
men olaryň gözlerinde
ýady görýän seretmänkäm,
dady görýän, perýat bilen,
hem düşünmän bolýan heläk,
ol il menden çekinýärmi,
ýa özünden, medet diläp?