Ýoldaky içgepletme
Seniň oda, suwa gaçyp,
geçip, belki, dowzah ýolun,
diňe ölmän galanyň däl,
adam bolup galanyňy
bilen bolsa, aňlan bolsa,
bolsa içden guwananlar,
ýeňlän ýaly bolýar ýüküň,
ýöne bilip, görüp duran,
adam bolsaň, içden çöküp,
taýk salsa sagdan, soldan,
daşdan, şeýle – meslekdeşiň,
gaýdaýasyň gelýär yza,
gaýdyp bolsa, orta ýoldan.