Aýdaý, Taňrym!
Olaryň haýsysy has erbet, Alla,
tutulanmy un ýa çörek ogurlap,
ýa ogurlan tutuş ýurduny, walla,
halky bilen içindäki, ýaş, garry,
kisesine salyp, saklap agylda,
at ogurlan erbetmi ýa sürüläp,
it ogurlan erbetmi ýa her ýylda,
aýt, Alla, çynym bilen soraýan,
ýadadym men şumjarýandan TW-de,
näme üçin utulanlar aglaýar,
halanmaýan jenaýata baş goşup,
ýüzün ýere salyp ene-atanyň,
halanýany haýsy onuň, ýokarda,
has uludan, has ajaýyp urmakmy,
ýa basgylap, il üstünde durmakmy?
Haýsy ogry, haýsy kezzap has erbet,
ýa haýsysy halanmaýar has beter,
ýa esasy aman galmak tutulman,
ogluňa, gyzyňa ýol açyp uly,
haýsy ýurda barsa, dökülip puly,
alyp biler ýaly islän zadyny,
aýdaý, Taňrym, gara çynym, çeşmämiň,
iki dünýä açmam bolmaz adyny.