Seniň hakykatyň

Seniň hakykatyň beýleki üçin,
eýlekiler üçin gepdir, gybatdyr,
adam näme diýmez kellesi göçüp,
ýa-da olar gara şaýy seň üçin,
eger-de ýakaňdan tutmasa towlap,
hemem adam gep-gybaty geçirer,
gidesi gelmese gitdikçe ownap,
aýdylan-a, ýygyp bolmaz il agzyn,
emma şyltak başga gürrüň, mesele,
götermek kyn zandyýaman töhmedi,
ýöne töhmet däldir delil bar bolsa,
satan bolsa bolşewige Ahmedi,
Mehmet satlyk bolar ady agzalsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024