Häzirki ýagdaý

Olam şugul, bulam şugul diýdiler,
ýeňsesinden kime näme diýilmez,
ýöne bu däp ösdürildi gün-günden,
netijede hemme ölmezde-gülmez,
agent boldy adam satýan mugtuna,
içi ala, daşy ala, içaly,
bir-birege bir ynanýan galmady,
hezil eden boldy hakyky agent,
sebäbi işini edýärdi asan,
yzyn gömmän, ýa bukulyp, aýlanyp,
gitmeli däl uzak öz-özüň kösäp;
o gün biri gahar bilen käýindi,
ol gün geler: KGB-niň arhiwy,
döwük gapy ýaly, açylar bir gün,
bileris biz kim işledi olara,
adam satyp, aýlyk alyp ýa alman,
ölen bolsa, nesli utanar bolman,
diri bolsa, şondan soň bir gapylsa,
beýlekisi diýdi: geň bor arhiwden
häzirkiden agyr gürrüň tapylsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024