Kyn aralyk
Çekilmegem bir jogapdyr, elbetde,
sanaşmasyz samsyk bilen sanaşman,
ýaşaýan-da bolsaň ýetde-de-gütde,
gara başyň satyn alyp ýalandan,
jedelleşmän döwlet bilen, mis üçin
altyn wagtyň, kümüş wagtyň ýitirmän,
ýöne adam çekildikçe, belki-de,
duşýar günde beterinden beterne.