Türme milleti

Öz-özüne garşy uruşýan millet,
biri-birin alyp nyşana günde,
emel ýeten emelsizi basgylap,
basgançagy pesi edip şermende,
ýaralaýan millet, öldürýän millet,
ýesir alyp, tüpeň atman, top atman,
ýeňen güni için güldürýän millet,
a soňundan gürrüň edýän ýarysy
agyr hassa diýip, zyndanda iliň,
çykyp gelse, daşyndaky has beter,
söz tapmaz halyny diýmäge diliň,
söz tapsaň aýtmaga edersiň heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024