Gynanmasyz adamlar
Sen olara ganyňy ber,
sen olara janyňy ber,
nanyňy ber, özüň iýmän,
wagtyňy ber, bagtyňy ber,
pikirin et gije-gündiz,
dynç alyşy bilme asla,
olar üçin däl, elbetde,
özüň üçin, arasynda
ýaşar ýaly adam bolup,
mal bolup däl ýa-da süriň
biri bolup, taýak iýmän,
o biriniň geý diýenin,
başa, başga ýere geýmän.
Hiç gynanma bilmeseler,
ýa-da bilip, bahyllykdan,
eli ýetse, salyp galyp,
dili ýetse, ýelmeseler,
tapan-tupan hapalaryn,
ýa çagyrsaň, gelmeseler.
Çünki özün oýnap, gülýän,
ata-ogul oýnap ölýän,
pikir eder hudaýy-da,
dünýäni-de oýnap bilýän.