Açyk hile

Eger sen döwletiň başlygy bolsaň,
ýa-da bolsaň döwlet diýýän idili,
kadaly, kanunly, döwlete meňzeş,
mafiýa meňzeş däl, gözleri ganly,
adam bolsaň azda-kände imanly,
sen ozaly goramaly iliňi,
aç-hor etmän çagalaryn, ulusyn,
talaman öýlerin, halkyň puluny
ýat illeriň tokaýynda gizlemän,
goramaly bähbitlerin milletiň,
arasynda meni, il diýýän bolsam,
hiç köçe düzgünin bozmasam asla,
goragynda dursam adamyň asyl,
mertebesin, aryn baýdak edinip,
ne maşynyň ak däl diýip, yrsarap,
ne-de neşe taşlap içine onuň,
ne goşuma harby syry goşmaly,
garalajak bolup tämiz adymy,
ýere sokman entek diri adamy,
Ahmet bilen, Mehmet bilen ýa Dima,
Wowa bilen alamany oýnaman,
gözüniň öňünde talanan halkyň,
göwher dakyp barmagyňa, boýnuňa,
ýa at münüp, maşyn mümüp owadan,
sen ildeşiň itmeli däl peslige,
eli ýeten ýerden alýan, opurýan,
ogry-jümri etmeli däl obany,
ynamyn gaçyryp özüne, ile,
eger sen döwletiň başlygy bolsaň,
görünip dur, etme aç-açan hile!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024