Syýasatçy we durmuş
Bu gün adalatyň tarapyn tutup,
ýok edilen žurnalistiň goragy,
doganyňdan eziz bolan, hamala,
talap edip açyk ideg-soragy,
eli ganly şa oglunyň, kümsügiň
ýüzüne gelýäne guwanma gaty,
ertir ganhor bilen gujaklaşsa ol,
ýykan ýaly bolar söýgüli atyň.