Gutarylmadyk goşgy
Diýseler-de öz ýurduňda geda bol,
ýat illerde şa bolandan, beýleki,
indi gidip, gedaý boljak az ýaly,
sebäbi, A – ýollar ýapyk ymykly,
B – barsaň-da, polisler bar yzgytsyz,
gedaý günüň bilen goýmazlar olar,
urup-sögüp, agyz-burnuň gan edip,
etiňi çig iýip, doýmazlar olar...