Seni tanan
Seni tanan seni tanar,
tanamadyk tanamaz hiç,
ýa islemez tanamagy,
tanasa-da ir ýa-da giç,
ýöne düşün gowy gylyk,
ýagşy niýet-päliň bolsa,
goý, kim näme diýsin gülüp,
gahar edip, bolup bilşi,
inkär eden dürsi uzak,
saňa däl-de, iş edinip,
öz-özüne gurar duzak.