Hanyna mynasyp halk
Geň galasy iş ýok, walla,
näme diýse ýokardaky,
aşakdaky emedekläp,
etmeli bor, gitmeli bor
çäresine, ýowaryna,
pul tapmasa sowaryna,
demin alman, mumly ýüplük,
tahýa diýse, tahýa geýip,
telpek diýse, telpek geýip,
ýa geý diýse içden näme,
ýa-da diýse geýme asla,
sürme diýse ak araba,
ýa şakyrdat diýse daşda,
gülýän millet göreşene
haky üçin, ysa tesmän,
eder, başga bolmaz ýoly,
tans et diýse, düşäp haly,
alkyş aýdar içden gargap,
hem içinden üşär misli
gara gargan gara garga.