Balaksyzyň beýikligi
Ýok, adam diýmeýär balagym ýokdy,
balak sözi ýokdy dilimde hatda,
ony daşdan getirdiler, berdiler,
balak bilen, diňe sözüň özün däl,
görkezdiler nädip, nirä geýmesin,
ýene näme getirildi, berildi,
sanasaň, belki-de, sogaby bardyr,
bilýär, emma minnetdarlyk ýerine,
ähli erbet gylyklaryn, hamala,
miras alan, gulak assaň balakly,
at-araba münüp gelen egsikden,
pyýadaka, belki, ata çykaryp,
ilki egnin, soňra göwnün dikländen
öwrenipdir pislik bolsa jahanda,
ýaşamagy çäji harpyga garyp,
bolmak üçin beýik, mertebeli är,
boýun alsa boljak bolgusyz, bikär,
pes bolmaly beýik edenler hökman,
üzeňňiden üç geçmegiň ussady,
el ogşaýan, dyza çökýän, parahor,
ol däl, başga satylanlar, satanlar,
talaňçylar başga, içýän ölýänçä,
sütem edýän gara güýji bol bolsa,
ýa bolan iş tötänlikdir, mahsus däl,
bu gylyklar oňa gelipdir daşdan,
hiç pesligi özüniňki däl onuň,
ýöne dogry, balyk çüýreýär başdan.