Utançly ýer
Top-tüpeňli, ady döwlet,
aljak bolsa badyňy seň,
haýbat atyp, töhmet bilen
garalasa adyňy seň,
ýola çyksaň, biliň baglap,
gitmegiňi islemese,
gaçyp çyksaň, gahar edip,
hapa zyňsa yzyňdan kän,
gapy zyňsa, zyňsa köwüş,
gaýgyrmasa tapan zadyn,
sen yzyna zyňmarsyňmy,
goramazmyň ataň adyn,
emma dogan etse muny,
ýa-da dostuň, duz iýişen,
kärdeşleriň, öňki, eziz,
ýa-da ildeş, bagty ýatan,
hapa zyňmak däl yzyna,
gapy zyňmak däl yzyna,
saňa näme zyňsa zyňsyn,
jogap berseň utanarsyň.