Bidöwlet döwlet we gadagan ýazyjy

Rahym Eseniň ruhuna bagyşlanýar.

Gadagan ýazyjy gaýtdy, ýogaldy,
soňuna çen durup ornunda mäkäm,
belki, döwlet ahyrynda ynjaldy,
sebäbi gorkýardy sözünden çürkän,
men-menligin, gedemligin döwletiň,
çekinýärdi galamyndan, hanjary,
ýa bar ýaly top-tüpeňi, drony,
gadagan ýazyjy garrady, gitdi,
ili hormat bilen jaýlady ony.

Kitaplaryn çykartmady betniýet,
ýa getirtse daş ülkeden, ýakdyrdy,
adyny agzamak hatarly boldy
gazetinde, žurnalynda döwletiň,
“şa şahyryň” biri gitse ikinji,
üçünjisi döräp, ýykdy milleti,
ýogsa tanalypdy, sylagy bardy,
çörek üçin çekjek däldi minneti.

Kümsük nökerlerin küşgürip günde,
galamyna ýylan ýaly çolaşyp,
igletmeli, ýok etmeli şahyry,
ýalandan däl, ýazsa ýürekden, joşup,
sesi bolsa garyp-gasar iliniň,
aladasy aň-düşünje bolmasa,
ýagtylyk bolmasa, bu açyk, aýan,
büker döwlet ähli çynçyň bilini.

Gadagan ýazyjy gaýtdy, ýogaldy,
ýok, ýene ynjalyp bilmedi döwlet,
sebäbi ýazany, gat-gat kitaby
bir ýerlerde galdy, ýakylman, ölmän,
döwlet ýene, gara basyp her gije,
biri okar, açar diýip syrymy,
ýaşar ýaşaýyşyň dadyny bilmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024