Sen we okyjy
Diňe biri okasa bor ýazanyň,
diňe biri eşitse bor gygyrsaň,
ýa eşiden bolsa, ýüregi awap,
ýa-da umyt etse, gazansam sogap,
el galgatsaň, el galgatsa birisi,
ýa-da çala baş atsa bor uzakdan,
diňe biri garaşsa bor ýeňşiňe,
ýa guwansa boşan günüň duzakdan,
ikinjisi artyk bolar, köp bolar,
partiýa bor iki adam diýeniň,
hupbat bolar birikdirmek başlaryn,
bir gazanda gaýnatmasy hyllalla,
üçünjisi gelse, agyrdar kelläň,
sorag berer bor-bolgusyz, ýadadar,
dördünjisi özün iýip çürkener,
çürkär seni, belki, özünden beter,
diýmek, biri düşünse bor derdiňe,
eger satjak bolup, bolmasaň heläk,
çaý-çörege puluň ýetse, ölmeseň,
ýa görünjek bolup, bolmasaň hassa,
algyly dek, diýmeseler ber diňe,
okamasyn hiç sowatly ýazanyň,
çykjak bolma beýik görnen her diňe.