Dinler we adamlar

Dinler näme üçin döredi başda,
ýa hudaýlar, ýa-da alla, ýeke-täk,
öldürme, kast etme, talama, alma,
ýalan sözläp başgalaryň hakyny,
diýip ynandyryp özüňi ilki,
a soň yrjak bolup ýady, ýakyny,
goramak üçinmi adamy adam
niýetinden aýdylmaýan aç-açan,
ýa öldürip, zorlap, kast edip gaçan,
özüni aklasyn gözün ýaşardyp,
geçirewer diýip ýaradan, hudaý,
dinler näme üçin döredi asla,
adam galjak bolsa ruhy gedaý?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024