Diktator duzagy
Bu duzak adamy masgara edýär,
gülki edýär içe, daşa ap-aňsat,
maýmyn edýär, at mündürip günaşa,
gorkan iliň içi dat bilen bidat.
Adamy goý, pişige-de gowy söz,
hoşamaýlyk gerek, diýilse ajap,
aglaýanyň erni gelmez bir ýere,
sen beýik diý, derrew diňer ol sojap.
Gowy görüp, sylap öwmeýär kimse,
gorkup öwýär, öwýär bähbidin arap,
hem oýnaýar her öňýeten oýnatsaň,
arzan bolup aksaň, her söze eräp.
Käsi diňe öwer güzeran üçin,
beýlekiler öwüp, açjakdyr ardyň,
barjak ýeri öwüleniň, gördüňiz,
iki eli bilen ýumurdy ýurdun.