Beýik we galyndy

Öň barysy birdi bize olaryň,
saryjady, dilleri bir, dini bir,
ganym uruş, namart uruş tanatdy,
başga eken, bize beýik diýilen
pesiň pesi eken, eli ýaragly,
ýaragsyzy urýan hemem zorlaýan,
goňşy-golam diýmän öýüni talap,
ýok ekeni mertebesi, namysy,
bakar ýaly daşdan guwanyp, sylap.

A beýleki, doganymyş kiçijik,
ne asly bar, ne taryhy, ne däbi,
(olar kime nämeleri diýmedi?)
beýik eken, adam eken esasy,
adam ýaly öz ojagyn goraýan,
mertebeli ölüp bilýän söweşip,
nökerleri bilen doýmaz-dolmazyň,
ogry-jümri şalygyny döreden,
eli gelse, dakjak boýna bolmazyn,
bir-iki däl, barlyk bilen şer eden.

Öň barysy birdi bize olaryň,
bizi gyran, basyp alan zalymdy,
indi başga, açdy uruş gözümiz,
kiçi beýik, beýik boldy galyndy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024