Bozugyň pajy

Bu ne gahar, öýke-kine,
eli ganly hökümetiň elleri
içeriňi gyzyl-dörjük edende,
ýüregiňe urup hapa penjesin,
gazap edip, çukur tapsa itende,
içi gülýän ýakynlaryň ýadyňdan
çykmaýar hem düşýär ömrüňe gymmat,
emma ertir tozsa, talansa ymmat,
ogly, gyzy bolsa sergezdan, ýesir,
senden beter entäp ýa-da azaşyp,
parhsyz garap gülmek nire, üzülýäň,
her bir ölen üçin armanly, ajy,
hem düşünýäň gowy bolmak gowy däl,
agyr düşýär bozuk salanda pajy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024