Ýakyn ýaranlar

Ogry-jümri kim bolsa-da,
okasa-da haýsy ýerde,
haýsy dony geýip egne,
haýsy sözi baýdak edip,
öňe gidip, yza gaýdyp,
ili çapan uly, kiçi,
düýnki ýüzün, ýeňsesini
ýapan bolup il ýüzüne,
halky saýyp goýun-geçi,
Gazawatda gark edilen,
şaý-sepini talap ilki,
doganlaryň ýagysydyr,
duşmanydyr Gökdepede,
gapyl galyp gyrylanyň,
düýnki kezzap, näme diýsin,
aryn almaz urulanyň.

Dogan-gardaş, okan, dogry,
bilim alan azda-kände,
ýa agzasy partiýanyň,
emel ýetip, bolsa ogry,
Gazawatda, Gökdepede
bilezikli gol çapanyň,
ýa keseniň barmaklaryn,
gelin-gyzyň ýüzüklije,
top okunyň gapyrjagyn
dykyp gyzyl halylardan
dolduranyň, ibereniň
aýalyna, oýnaşyna,
ýa çalyşan ýeke bulgur
ak araga, içjek bolup,
şärigidir, aýryp bolmaz,
pikir etme adam diýip,
gözi ajy doýrup bolmaz.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024